Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Seýşel Respublikasy bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýdy
15.08.2024

13-nji awgustda Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda «Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama» gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen BAE-däki Seýşel Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žerwe Mumunyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de söwda-ykdysady, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi