Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär
14.08.2024

Balkanabat şäherinde ýerleşýän Balkan welaýat kitaphanasynda "Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesiniň gözbaşy" atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Balkanabat şäher häkimligi bilen "Türkmennebit" döwlet konserniniň bilelikde gurnamagyndaky çärä degişli edara-kärhanalaryň işjeň agzalary we beýleki iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda birnäçe çykyşlar guralyp, olarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň döwletimiz we halkymyz üçin uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Bu dabaraly çärä Balkan sebitinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine  ýokary derejeli taýýarlyk görülýändiginiň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 24-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler.

Çeşme: «Watan» habarlar gepleşigi