Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepde geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 505 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserninden binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Ondan başga-da float aýnasyny, el halylaryny, arassalanan nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 312 müň manatdan gowrak boldy.