Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Paýtagtymyzda ýokary derejeli forum geçiriler
12.08.2024

Şu ýylyň sentýabr aýynyň 19-20 aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler. 

Bu forum Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürlemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek ýaly bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň geljegini öwrenmek maksady bilen guralýar.

TIF 2024 maksatnamasy hemmetaraplaýyn işlenip düzülen we Türkmenistanyň maýa goýum potensialy, sebitleýin energiýa geçişinde ýurduň ýangyç we energetika pudagynda orny, ulag aragatnaşygy we durnuklylygy, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, sanly ulgamynyň özgerişleri, ýaşyl ykdysadyýetiň we akylly oba hojalygynyň ösdürilmegi, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýaly mowzuklary öz içine alýar.

Serginiň çäklerinde birža söwdalarynyň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Forumyň çäginde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ministrlikleriniň we milli kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar gurnalar. Sergi özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşar.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi