Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Sport ulag merkeziniň işleri bilen tanyşdy
12.08.2024

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Bu ýerde ýokary derejede enjamlaşdyrylan döwrebap sport ulaglary bar.

Awtomobil sporty boýunça baý tejribe toplan türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň badalga nokadyna çykdy. Sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur bolan tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Soňra awtoulag Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dolandyrmagynda dessine tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň drift meýdançasynda ýene-de bir gezek ulag sürmegiň ussatlygyny görkezdi.

Soňra bu ýerde Milli Liderimiz Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysy R.Begenjow bilen söhbetdeş bolup, häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işler, awtomobil sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugra bolan höwesi bilen gyzyklandy.

 

R.Begenjow öz aralaryna gelip, merkeziň işi bilen gyzyklanýandygy üçin hormatly Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu ýerde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri, netijeli bäsleşikleri guramaga ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Şeýle hem ol häzirki döwürde awtomobil sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, merkezde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.

 

Milli Liderimiz Sport ulag merkeziniň ozal boş ýatan künjekde gurlandygyny belläp, häzirki wagtda onuň işiniň talabalaýyk guralmagy ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigine kanagatlanma bildirdi. Merkeziň çäginde sport awtoulaglaryny talabalaýyk dolandyrmak, onuň işini toplumlaýyn esasda alyp barmak babatda döredilen şertler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyz ugurdaş desgalar toplumynyň özboluşly şäherçä öwrülendigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ýerde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe desgalaryň döredilendigini, onuň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde bolsa bu ýerde şähergurluşyk işleriniň dowam etdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek we ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat berdi hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň, önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanmaýandygyny aýdyp, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän, güýçli sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozmazlygy üçin, şeýle-de bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürdi. 

Merkeziň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň bu maslahatynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de ähli işgärleriň we gullukçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysyna mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi