Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi
12.08.2024

9-njy awgustda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Gazagystan Respublikasynyň DIM-nde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi.

Taraplar ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialogyň zerurlygyny bellediler. Agzalan formatyň çäklerindäki bilelikdäki işleriň jemleri, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi.

Mejlise gatnaşyjylar daşary syýasy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini belläp geçdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi