Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
10.08.2024

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Prezidentler ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ony ýokary sylag — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bilen gutlady. 

Özbegistanyň Prezidenti gutlaglar üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we hemmetaraplaýyn ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly şahsy goşandyny belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlary, şol sanda ykdysadyýet, söwda, ulag, medeniýet ýaly möhüm ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki wajyp ugurlaryna degip geçmek bilen, Türkmenistan bilen Özbegistanyň Merkezi Aziýanyň, Hytaýyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek boýunça tagallalaryny birleşdirip biljekdiklerini aýdyp, ulag ulgamyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyna hem-de Hazar deňzine çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ulag ugrunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ulag geçelgesiniň döredilmegini göz öňünde tutýan Aşgabat Ylalaşygyna ünsi çekdi. Energetika ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini ýatladyp, türkmen tarapynyň şu ýyl ýurdumyzda Özbegistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Türkmen edebiýatynyň dünýäde ykrar edilen nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. 

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň başynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Özbegistanda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigini aýdyp, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türki halklaryň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhynda hem aýratyn orun eýeleýändigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Gahryman Arkadagymyzy islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi