Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
09.08.2024

Şu gün 9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Hormatly Prezidentimizi Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.

Oňyn bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejesinde köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi