Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 24-nji sentýabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçiriler.
Jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça işler depginli alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ykdysadyýeti we senagat önümçiligini ýokarlandyrmak, söwda we hyzmatlar ulgamlaryny ösdürmek, ähli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, oňaýly işewürlik ýagdaýyny döretmek boýunça maslahatlaşylar. Onda şu ýylyň fewral aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde çykarylan çözgütler boýunça birnäçe meselelere garalar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkyň abadan durmuşyny üpjün etmekde we pugtalandyrmakda, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny has-da ösdürmekde möhüm işleriň badalgasy bolar.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»