Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Türkmennebit" Döwlet Konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagy satyn alyndy
08.08.2024

Awgust aýynyň 7-ne Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal birža söwdalarynda "Türkmennebit" Döwlet Konserniniň we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň önümleri satyn alyndy.

Içerki bazaryň ýerli işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Mundan başga-da, olar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz float aýnasyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 045 750,00 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi