Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda Halkara Migrasiýa Guramasy tarapyndan birnäçe çäreler geçirildi
08.08.2024

2024-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Türkmenistanda Halkara Migrasiýa Guramasy tarapyndan “Milli klimat bilen baglanyşykly meýilnamalaşdyryş işlerinde migrasiýa, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegini göz öňünde tutmak” taslamasynyň çäginde birnäçe çäreler geçirildi.

Degişli çäreleriň dowamynda IOM we Wena uniwersitetiniň hünärmenleri Daşky gurşawy goramak ministrligi, Oba hojalygy ministrligi, Döwlet migrasiýa gullugy ýaly esasy edaralaryň we döwlet komitetleriniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi. 

IOM-yň hünärmenleri Türkmenistana BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP29) gatnaşyjylaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisine taýýarlyk görmekde goldaw berdiler.

Mundan başga-da Daşoguzda HMG we Wena uniwersiteti tarapyndan işlenip düzülen öý-gözleg usulyýeti boýunça sebit derejesinde seminar geçirildi. Seminar Daşoguz welaýatynda howanyň üýtgemegi bilen ilatyň hereketiniň arasyndaky baglanyşyk boýunça jyns taýdan duýgur tematiki gözlegiň taýýarlanmagyna gönükdirildi. 

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi