Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýaş nesilleriň saglygy dikeldilýär
07.08.2024

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Aşgabatdan we ýurduň dürli sebitlerinden gelen çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýarlar.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde we Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde yzygiderli bejeriş kurslary geçirilýär.

Şeýle hem haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýerli hünärmenler Halkara ýürek merkezinde Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan dogabitdi ýürek keseli bolan çagalara üstünlikli operasiýalar amala aşyryldy.

Hirurgiki bejergi alan çagalaryň hemmesi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň lukmanlarynyň gözegçiliginde saklanýar.

 

Çeşme:Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi