Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Birža söwdalarynda "Türkmengaz" Döwlet konserniniň önümine isleg bildirildi
07.08.2024

6-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri uly islege eýe boldy

Daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri "Türkmengaz" Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden arassalanan nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. 

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 950 000,00 manada we 4 169 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi