Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan bilen Pakistan azyk we oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrar
07.08.2024

Awgustyň 4-ne Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagan Pakistana gidýän türkmen işewür wekiliýetiniň hormatyna kabul edişlik gurady. 

Wekiliýet «Food AG 2024» sergisine gatnaşar. «Food AG 2024» Söwdanyň ösüşi boýunça halkara guramasy (TDAP) tarapyndan 2024-nji ýylyň 9-11-nji awgusty aralygynda Karaçi sergi merkezinde guralýan halkara azyk we oba hojalygy önümleriniň ikinji sergisidir.

«Food AG 2024» «Durnukly geljegi döretmek» temasy bilen umumy geljege umyt döretmek üçin halkara hem ýerli jemgyýetleri birleşdirer.

Ilçi Wagan gysga çykyşynda Pakistanyň we Türkmenistanyň azyk hem oba hojalygynyň özara sazlaşyklydygyny aýtdy. Serginiň dowamynda ol türkmen telekeçileriniň giň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini tapjakdygyna ynanýandygyny belledi.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi