Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmen wekiliýeti GDA ýurtlarynyň Halkara meýletinçiler forumyna gatnaşýar
05.08.2024

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-nji awgustda Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäherinde başlanan GDA ýurtlarynyň Halkara meýletinçiler forumyna gatnaşýar.

Foruma Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan we Özbegistandan jemi 120 wekil gatnaşýar.

Forumyň maksady, GDA ýurtlarynda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde, döwletara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we meýletinçilik işlerini ösdürmek bolup durýar.

Forumyň dowamynda GDA agza ýurtlaryň arasynda meýletinçilik işi ugrunda tejribe alyşmak, meýletinçilik işi boýunça guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, durmuş, daşky gurşaw we ykdysady meseleleri çözmek üçin meýletinçileriň ähmiýetine ünsi çekmek, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanan Durnukly ösüş maksatlaryna GDA ýurtlaryndaky meýletinçilik işi boýunça guramalaryň goşulmagy we işjeň raýat jemgyýetiniň döremegi we ýaşlaryň meýletinçilik çärelere gatnaşmagy üçin şert döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi