1-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri uly islege eýe boldy.
Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Gyrgyzystan döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 650 000,00 manada, 1 366 200,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi