Lebap welaýatynda sebitiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen köpugurly senagat merkezi döredilýär. Ýurtdaky iri taslamalary gurluşyk materiallary bilen üpjün edýän esasy kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir.
Kärhanada gurluşyk işleri üçin wajyp ähmiýete eýe bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk materiallary öndürilýär.
Önümçilik üçin zerur bolan çig mal müdirlige degişli bolan 310 gektar meýdanda ýerleşýän karýer hojalygyndan alynýar. Karýer hojalygynyň kärhana ýakyn ýerde ýerleşmegi zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem önümiň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna şert döredýär.
Önümçilige täze kuwwatly enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy we ýük awtoulaglarynyň sanynyň artdyrylmagy işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär.
Çeşme: «Nebit-gaz» eletron gazedi