Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Minskde Türkmenistanda geçiriljek halkara forumyň konsepsiýasy tanyşdyryldy
02.08.2024

30-njy iýulda Minskde GDA agza döwletleriň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň Arkalaşygyň ýanyndaky kanuny we beýleki guramalarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara baglanşygy – häzirki zaman parahatçylygyň we ösüşiň esasydyr» halkara forumyň konsepsiýasy baradaky habar bilen çykyş etdi.

Forumy ýurtlaryň ençemesiniň we abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň wekili bütindünýäde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda ýurdumyzda Gündogaryň nusgawy akyldar şahyrynyň ýubileýine bagyşlanan uly möçberli dabaralaryň we köp sanly çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Magtymguly Pyraga bagyşlanan ýylyň jemleýji çäreleriniň biri hem Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň forumy bolar.

Geljekki forum ählumumy derejede parahatçylyga we ösüşe ýardam edýän, dünýä bileleşiginiň agzalalygyny ýeňip geçmäge, ony howpsuz we nurana geljegiň hatyrasyna birleşmäge niýetlenen medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»