Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň ýurdumyzdaky ilçisi bilen duşuşdy
02.08.2024

Türkmenistanyň DIM-nde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi.

31-nji iýulda bolan duşuşygyň dowamynda Ilçi Elizabet Rud Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem medeni-ynsanperwer çygyrda häzirki we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçi Elizabet Ruda jogapkärçilikli diplomatik wezipesinde rowaçlyklary arzuw etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi