Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy
02.08.2024

1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Hökümet agzalarynyň nobatdaky zähmet rugsady başlandy.

Mälim bolşy ýaly, 12-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini aýtdy.

Hemişe bolşy ýaly, olar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alarlar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi