Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýangyç-energetika pudagynda türkmen-türk gatnaşyklary has işjeňleşdirilýär
01.08.2024

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýet meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika ýaly pudaklarda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda türk tarapy duşuşyga gatnaşyjylary “MTA” kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, bilelikdäki dag-magdan işlerini, şol sanda Köýtendagda magdan ugry hem-de Garabogazköl aýlagynda seýrek duş gelýän minerallar boýunça bilelikde iş alyp barmak baradaky teklibi beýan etdi. Öz nobatynda, türkmen tarapy bu tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanda elektrik energiýasynyň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri öz wekilçilik edýän döwletinde energetika pudagynyň ösüşi barada aýdyp, häzirki wagtda elektrik energiýasyny daşary ýurtlardan satyn almak üçin täze bazarlaryň öwrenilýändigini habar berdi we bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi