Düýn 29-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşan mejlisinde pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy we adam hukuklary babatda milli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar pudagara toparyň, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugyny amala aşyrmak boýunça geljekde ýerine ýetirmeli işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we BMG-niň düzümleri we beýleki abraýly guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Bellenilişi ýaly, halkyň abadan ýaşamagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegi, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durýar. Hasabat döwründe Türkmenistany has-da demokratiýalaşdyrmak, döwletiň kanuny esaslaryny berkitmek babatda birnäçe çäreleriň durmuşa geçirilendigi bellenildi.
Geçirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde çykyş edenler BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetleriniň raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek baradaky teklipleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň her bir ugry bilelikdäki degişli meýilnamalara we taslamalara esaslanyp, alnyp barylýan işlerde aýdyň şöhlelenýändigini bellediler.
Mejlise gatnaşyjylar BMG-niň halkara resminamalaryna laýyklykda, milli hasabatlary, synlary taýýarlamak, adam hukuklaryny goramak boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmekde yzygiderli geçirilýän okuw sapaklarynyň, maslahatlaryň we geňeşmeleriň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.
Mejlisiň ahyrynda ähli berýän goldawlary we ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk üçin halkara guramalaryň wekilhanalaryna hoşallyk bildirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi