Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi
30.07.2024

Aşgabatda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. 

29-nji iýulda geçirilen mejlislerde, A.Durdyýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçysyny saýlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu wezipä birnäçe dalaşgär hödürlenilip, olaryň her biriniň hünär, guramaçylyk we beýleki ukyp-başarnyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine O.Berdiliýewa biragyzdan saýlanyldy we bu barada degişli kararlar kabul edildi.

Mejlislere gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty, il bähbitli giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi