Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary ADNOC we Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar
30.07.2024

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň örän möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, 29-njy iýulda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri) we Hyundai Engineering Co. Ltd. (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi. 

Bellenilişi ýaly, ADNOC kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Abdulla Al Şamsiniň baştutanlygynda kompaniýanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine 2022–2024-nji ýyllarda amala aşyran saparlary döwründe nebit we gaz babatda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň berk esaslary goýuldy. Taraplar «Galkynyş» känini özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki we düzüm böleklerine jikme-jik seredýärler. Şeýle meýilnamalary durmuşa geçirmegiň «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny bellemek möhümdir.

Gepleşikleriň häzirki tapgyrynyň aýratynlyklarynyň biri ADNOC kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi boldy. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň Türkmenistanyň iri möçberli halkara gaz taslamalaryny amala aşyrmaga goňşy döwletleriň ykdysady düzümleriniň gatnaşmagyny goldaýandygyny birnäçe gezek beýan edendigine üns bermek zerurdyr.

Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýasynyň prezidenti jenap Jung Song Ýongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen nobatdaky gezek geňeşmeleri geçirdi. Duşuşykda taraplar häzirki gatnaşyklar we geljekde «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmek barada özara pikir alyşdylar.

Koreýaly hyzmatdaşlaryň «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gatnaşmagy bilen baglanyşykly Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýasy üçin açylýan mümkinçilikler, bir tarapdan, kompaniýanyň energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan giň mümkinçiliklerini ulanmaga mümkinçilik berse, beýleki tarapdan, gaz pudagyndaky ozal toplanan halkara tejribäni baýlaşdyrar.

Şeýle hem 2023-2024-nji ýyllarda döwlet derejesindäki saparlarda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Taraplar ozal ylalaşylan meýilnamalara laýyklykda, yzygiderli duşuşyklary dowam etmegi şertleşdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi