Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Mongoliýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
29.07.2024

26-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak ilkinji döwlet saparyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi