Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamy döredildi
27.07.2024

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. 

Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň Tertibi esasynda binýady işläp taýýarlamak üçin degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek, düýpli abatlaýyş işleriniň bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi