Türkmenistanda halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.
Bu barada, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde ýaşlaryň orny barada Arkadag şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşi tarapyndan bilelikde guralan «Halk Maslahaty – kämil geljegi gurmagyň möhüm ýoly» atly çärede gürrüň edildi. Oňa Arkadag şäherindäki edaralarda we kärhanalarda işleýän ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde duran mejlisiniň möhüm ähmiýetini, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňýanynda boljak we şöhratly eždatlarymyzyň döwleti dolandyrmakdaky köp asyrlyk tejribesine esaslanýan halk häkimiýetiniň hakyky milli ýörelgeleriniň ýene-de bir subutnamasy boljakdygyny bellediler. Ählumumy forumy taýýarlamak we geçirmek işinde, onda kabul edilen ykbal çözüji kararlaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň ornuna we wezipelerine aýratyn üns berildi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»