"Zangilan” tankeri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Alaja portundan türkmen nebitiniň ilkinji tapgyryny Azerbaýjanyň Sangaçal terminalyna eltip, ilkinji gatnawyny amala aşyrdy.
"Zangilan” tankeri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Alaja portundan türkmen nebitiniň ilkinji tapgyryny Azerbaýjanyň Sangaçal terminalyna eltip, ilkinji gatnawyny amala aşyrdy.
“Zangilan” Baku gämigurluşyk zawodynda gurlan dördünji azerbaýjan tankeridir. Öň ulanyşa girizilen “Laçyn” we “Kelbajar” tankerlerinden tapawutlylykda, “Zangilanda” we “Akademik Hoşbaht Ýusifzadede” diňe bir nebit däl, eýsem, himiýa önümlerini hem daşamak bolýar. Gäminiň tehniki görkezijileri oňa Hazar basseýniniň ýalpak portlaryna hem girmäge we ýükleri maksimal ýükläp alyp gitmäge mümkinçilik berýär.
“PortNýus” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, “Zangilan” tankeri 2023-nji ýylyň maý aýynda suwa goýberildi we 2024-nji ýylyň iýulynda ulanyşa girizildi. Tankeriň uzynlygy 141 m, ini 16,9 m , beýikligi 6 m, dedweýt – 7875 tonna, tizligi 10 uzel, ekipažy – 15 adam. Gämide 6 sany ýük rezerwuarlary bolup, olaryň umumy sygymy 9212 metr kubdur.
Çeşme: «Nebit-gaz» eletron gazeti