Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Türkmennebit" Döwlet Konserniniň önümlerine isleg artýar
26.07.2024

24-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal birža söwdalarynda az kükürtli ýakyş mazudy satyldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewüleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden az kükürtli ýakyş mazudy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 25 935 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi