Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgazçy türgenler üstünlik gazandylar
25.07.2024

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreş boýunça türgenleri, Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Afis Weliýewiň taýýarlamagynda, iýul aýynyň 5 — 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde birnäçe döwletiň gatnaşmagynda «Kaýrat Buhanow» ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen erkin göreş boýunça ýaryşa gatnaşdylar.

Bu halkara ýaryşda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreşçileri ýokary derejede çykyş etdiler, ýagny türgenler Döwletgeldi Talypow 65 kilogram, Namil Guseýnow 92 kilogram agramda kümüş medallary, Wasiliý Okunew bolsa 92 kilogram agramda bürünç medaly gazanyp, ata Watanymyz Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl baýdagyny al-asmanda parlatdylar. 

Mundan başga-da, «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň kiçi futbol boýunça topary iýun aýynyň 20 — 25-i aralygynda Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesinde futzal boýunça geçirilen ýaryşda tälimçi Aşyrmämmet Ödekowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli çykyş edip, futzal boýunça Balkan welaýatynyň çempiony diýen ada eýe boldy.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» eletron gazedi