Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Birža söwdalarynda "Türkmennebit" Döwlet Konserniniň önümleri ýokary islege eýe bolýar
23.07.2024

22-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal birža söwdalarynda nebithimiýa, gurluşyk hem-de ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşik baglaşdy.

Ukrainaly hem-de gyrgyzystanly işewürler ýerli hususy kärhanasyndan düz boýalan we žakkard sütükli önümlerini satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni we Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz aýnany satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 995 000,00 manada we 4 168 700,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi