Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizildi
19.07.2024

«Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilip, resmi taýdan herekete girizildi.

Döwlet Baştutanynyň tassyklamagy bilen kabul edilen Kanuna laýyklykda, hususan-da, 2012-­nji ýylyň 19­-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 8­-nji maddasynyň üçünji bölegi şu görnüşde beýan edildi:

«3. Pensiýa, döwlet kömek puly, ony alýan adamyň arzasy boýunça onuň bankda açylýan hasabyna geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda pensiýalary ýa­da döwlet kömek pullaryny alýanlar her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyrlar. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmek sanly ulgam arkaly hem amala aşyrylyp bilner.

Pensiýalary ýa­-da döwlet kömek pullaryny alýanlaryň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda sanly ulgam arkaly bellenilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.».

Çeşme: Türkmenmetbugat