17-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümleri hem-de türkmen el halysy satyldy.
Daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “TC-1” kysymly uçar kerosinini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni hem-de türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 004 822,27 manada, 1 559 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.