Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Arkadag şäherinde sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşine bagyşlanan maslahat geçirildi
18.07.2024

Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň binasynda «Sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň innowasion ýollary» atly tegelek stol geçirildi. 

Onuň çäginde aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary ýurdumyzyň pudaklarynda we edara-kärhanalarynda täze maglumat hyzmatlarynyň we ulgamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen bagly amal edilýän ädimleriň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Tegelek stola gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagynda, şunuň netijesinde pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň eýeleýän ornuny bellediler. Ýurduň aragatnaşyk operatorlarynyň işiniň tapgyrlaýyn esasda kämilleşdirilmegi telefon aragatnaşygynyň, internetiň, onlaýn-poçtanyň, sanly ykdysadyýetiň, kiberhowpsuzlyk we hemra aragatnaşygynyň üznüksiz we ýokary hilli işlemegini üpjün etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak ýaly ähmiýetli ugurlary özünde jemleýär.

 

Bitewi we sazlaşykly aragatnaşyk ulgamyny döretmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berildi. Bu barada «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň sanly ykdysadyýetiň ösüşi boýunça müdirliginiň baş hünärmeni Annamuhammet Kerimow belledi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde möhüm maglumat kommunikasiýalar merkezi bolup, sebitiň ähli künjekleriniň arasynda durnukly aragatnaşygyň üpjün edilýändigini bellendi. Hünärmen Türkmenistany Gazagystan, Özbegistan, Eýran we Owganystan bilen birleşdirýän halkara optiki süýümli magistralyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Ýurdumyzda maglumat merkezleriniň we içerki serwerleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek üçin täsirli strategiýany durmuşa geçirmek üçin berk binýat goýuldy. Bu çäreleriň hemmesi internetiň tizligini ýokarlandyrmaga, netijede sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini giňden açmaga gönükdirilendir. Hünärmeniň belleýşi ýaly, «Bir penjire» — «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlary portalyndaky şahsy otaglaryň sany 53 müňe ýetdi diýen ýaly. «Sanly çözgüt» diýen at bilen geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigi bolsa sanly hyzmatlary we mümkinçilikleri hödürlemekdäki ädimleriň kämilleşmegine itergi berýän faktor bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, geçen ýyllarda ýurdumyzyň ýaş programmistleri müňe golaý geljegi uly taslamany döretmegi başardylar.

 

Bu ýerde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mugallymy Çemen Welhanowa hem çykyş edip, Döwlet hyzmatlar portalynyň raýatlarymyz üçin hödürleýän giň şert-mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Ol Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri hakynda söhbet etdi. Şäherde sim geçirijisiz Wi-Fi toruna girmek üçin zonalar döredilip, binalara iň häzirki zaman «GPON» tehnologiýasy ornaşdyryldy. Ilatyň sanly zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin «Smart Home» we «Smart City» hyzmatlary üpjün edilýär. Mugallym Watanymyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.

Tegelek stoluň barşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň sanlaşdyrylmagyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýeti aýratyn bellendi.

 

Çeşme: Türkmenmetbugat