16-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasynyň söwdalarynda “TPP D 30 S” kysymly polipropilen hem-de ýeňil senagaty önümleri satyldy.
Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Daşarky bazarda Azerbeýjan Respublikasynyň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 000 000,00 manada, 53 801,19 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.