Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebine 2024/2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul ediş başlandy
17.07.2024

"Türkmennebit" döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebine 2024/2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul ediş başlandy.

Orta hünär okuw mekdebine on sekiz hünär boýunça umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik dalaşgärler giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde okuwlar 2,5 ýylyň dowamynda tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde (Balkanabat şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.

Has giňişleýin maglumat üçin: «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Balkanabat ş., Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 11, tel.: 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26, 7-01-16, 7-01-24, 7-01-18, 7-01-14.