15-nji iýulda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri, telekeçiler, Özbegistan Respublikasynda akkreditlenen dilpomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Sergi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazanan üstünliklerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini we onuň geljegi uly bolan ugurlaryny aýdyň görkezýär. Sergide myhmanlar 13 sany döwlet edarasynyň we dürli ugurlar boýunça 60 sany türkmen kärhanalarynyň hem-de kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanşyp bilerler. Bu ýerde halylar, şaý-sepler, dokma önümleri, gurluşyk önümleri, öý we senagat üçin niýetlenen himiki serişdeleri, azyk önümleri we ş.m. görmek bolýar.
Şeýle hem bu sergi görkeziş meýdançalary, türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga gönükdirilen işewür duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçiriljek ýeri bolup hyzmat eder.
Sergi şu gün — 16-njy iýulda öz işini tamamlar.