15-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz float aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Daşarky bazarda Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 6 325 000,00 manada, 479 584,05 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.