Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
15.07.2024

13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna «Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen bu kanun taslamasy biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi