12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem geçiriler. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagynyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy