Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Şu ýylyň birinji ýarymynda senagat ulgamynda 4163,7 müň tonna nebit çykaryldy
13.07.2024

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda senagat ulgamynda durnukly ösüş gazanyldy. Hususan-da, 40230,1 million kub metr tebigy gaz, 4163,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 13,2 göterim, mazut boýunça 31,7 göterim, aýna listi boýunça 7,9 göterim, sement boýunça 6,8 göterim, tutulan balyklar boýunça 34,2 göterim, gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk we balyk önümleri boýunça 16,5 göterim, süýt önümleri boýunça 14,1 göterim, mesge ýagy boýunça 10,8 göterim, süýji-köke önümleri boýunça 5,6 göterim ösüş gazanyldy. Ulag-kommunikasiýa pudagynda-da öňegidişlikler gazanyldy. Ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberiniň artmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 12,7 göterim artdy. Oba hojalygynda şu ýylyň alty aýynda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen gök önümler 7,4 göterim, ýeralma 11,4 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,2 göterim, süýt 0,5 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 0,6 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — iýun aýlarynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn netijeler gazanyldy. Şunda ýüpek matalar 1,4 göterim, süýji-köke önümleri 5,9 göterim, mesge ýagy 15,3 göterim, süýt önümleri 14,5 göterim, unaş önümleri 64,1 göterim, çörek we çörek önümleri 7 göterim, gök önümler 9,3 göterim, ýeralma 5,8 göterim, süýt 0,5 göterim artdy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek we ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi