Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Mary welaýatynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler
12.07.2024

Mary welaýatynyň gallaçylary Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň gije-gündiz işledilmegi netijeli galla oragynyň ýokary depginde alnyp barylmagyna ýardam berdi. Bu zähmet ýeňşi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda edýän yzygiderli aladalarynyň, ekerançylaryň mynasyp zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir.

Mälim bolşy ýaly, daýhanlar döwletimiz tarapyndan tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Tabşyrylan önüm üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bularyň ählisi oba hojalyk işlerinde ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.

Mary welaýatynyň gallaçylary hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi