Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi
12.07.2024

11-nji iýulda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýän halkara sene — Bütindünýä ilat güni mynasybetli 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurdumyzyň Hökümetiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärä Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, beýleki ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, 1990-njy ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä ilat gününiň giňden bellenilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ilat bilen baglanyşykly meselelere, ählumumy hem-de milli ösüş meýilnamalaryna we maksatnamalaryna, umumy meseleleriň çözgütlerini gözlemäge çekmek nukdaýnazaryndan örän möhümdir. 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabat hem şu maksatlara gönükdirilendir. «Biri-biri bilen baglanan ykballar, umyt sapaklary: reproduktiw saglyk we hukuk ulgamynda deňsizlikleri aradan aýyrmak» diýen ady hem onuň mazmunyny şöhlelendirýär.

Dünýädäki häzirki ýagdaýa we dürli ýurtlarda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna umumy syn berýän resminama adamzadyň aýratyn üns bermeli esasy ugurlaryny kesgitleýär. Ilkinji nobatda, bu reproduktiw saglyk babatda zenanlaryň hukuklaryna we mümkinçiliklerine degişlidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl dünýä bileleşigi 1994-nji ýylda Kairde geçirilen Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň 30 ýyllygyny belleýär. Onuň çäklerinde hemmeler üçin has gowy saglygy, hukuklarydyr ygtyýarlyklary üpjün etmäge borçlandyrýan esas goýujy ählumumy ylalaşyga gol çekildi. Bu ileri tutulýan wezipe agzalan ugurda has möhüm öňegidişlige ýardam berdi we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibine girizildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ählumumy howpsuzlygyň we giň halkara hyzmatdaşlygyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilip, ýurdumyz bilen BMG-niň agentlikleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. Şunda Türkmenistan we Milletler Bileleşigi häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde uzak möhletleýin, strategik hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işiň netijeli häsiýeti bellenildi. Bu resminama milli bähbitleri we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän agentlikleri, şol sanda ÝUNFPA bilen özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny kesgitleýär.

Ilat gaznasynyň wekilleri Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak, gender deňligini üpjün etmek, adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda gazanan üstünliklerine ünsi çekip, hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge, ilat syýasatyny, ösüş strategiýalaryny işläp düzmekde, kabul etmekde we durmuşa geçirmekde doly goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdylar. ÝUNFPA tarapyndan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmekde hem-de ony geçirmekde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine tehniki kömegiň berilmegi, enäniň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagyň 2020 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýasynyň, “Gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” amala aşyrylmagyna goldaw berilmegi üstünlikli özara gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.

Şeýlelikde, BMG-niň Ilat gaznasy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen ýakyndan baglanyşykly bolan Türkmenistanyň ileri tutulýan ösüş wezipelerini çözmäge gönükdirilen köp sanly bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde uzak möhletleýin hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Dürli maslahat beriş duşuşyklary, okuw sapaklary we maslahatlar yzygiderli guralyp, olar gyzyklanma bildirilýän meseleleriň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmak hem-de ýola goýlan netijeli dialogy pugtalandyrmak boýunça täsirli çäreleri işläp düzmek üçin açyk meýdança öwrülýär.

Şu günki çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama umumy maksatlara ýetmek üçin taraplaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklaýar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi