«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän halk, Watan bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler Diýarymyzyň depginli, maksada okgunly ösüşini şertlendirýär.
Taryhy maksatnamalarda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky «Balkankän» müdirliginiň işçileridir hünärmenleri saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Günbatar sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşişi, gazylyp alynýan tebigy baýlyklara, magdan känlerine baýlygy, şeýle-de uzak geljegi nazarlaýan ykdysady mümkinçiliklerem müdirlikde işleriň belent görkezijilere beslenýändigine güwä geçýär. Häzirki zamanyň döwrebap tehnologiýalaryna, önümçilik tehnikalaryna daýanyp, olaryň güýjünden ýerlikli peýdalanýan kärhanada öndürilýän gurluşyk serişdelerem bu gün ýokary hil derejesi bilen aýratyn tapawutlanýar.
Häzirki wagtda Günbatar sebitiň etrap-şäherlerinde, oba-şäherçelerinde gurluşyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýändigi aýratyn bellärliklidir. Ýerlerdäki dürli binalary, desgalary gurluşyk serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmegem «Balkankän» müdirliginiň agzybir zähmet toparynyň baş maksady bolup durýar. Şonuň ýaly-da ýokary hil talaplaryna laýyk gelýän serişdeler eziz Diýarymyzyň çar künjeginde alnyp barylýan gurluşyklara buýurmalar esasynda polat ýollar arkaly ugradylýar.
Öňdebaryjy kärhanada şu ýylyň başyndan bäri dürli gurluşyk serişdeleri öndürilip, bellenilen meýilnama 102 göterim berjaý edildi. Geçen döwürde gurluşyk we diwar serişdeleriniň 7510 tonnasy, düzüminde demir magdany bolan dag serişdeleriniň bolsa 43 müň 24 kub metri taýýarlanyldy. Şu günlerde-de kärhananyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, buýsançly dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hasam guwandyryjy sepgitlere ýetmek ugrunda öndürijilikli zähmet çekýärler.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»