9-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Daşarky bazarda Özbegistan döwletiniň işewürleri ýerli kärhanasyndan pagta ýagynyň çökündisiniň distillirlenmedik ýagly turşulygyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 000 000 ,00 manada, 350 000,00 amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.