Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi
09.07.2024

Aşgabat şäherinde 9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň we saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriň habarlary esasynda, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň netijelerini jemlemek, tassyklamak we yglan etmek bilen bagly bolan meseleler girizildi.

Mejlisde bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň üç saýlaw okrugynda geçirilen saýlawlar demokratik ýörelgeler esasynda, bäsleşik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçdi.Saýlaw möwsüminiň dowamynda ähli saýlaw işine degişli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. 

Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 60 saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00-a çenli guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem öňünden ses bermek çäresi 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirildi. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň sanawyna girizilen 86 müň 641 saýlawçydan 79 müň 121-si öz seslerini berdiler. Munuň özi saýlawlarda ses bermek hukugyna eýe bolan raýatlaryň 91,32 göteriminiň gatnaşandygyny aňladýar.

Mejlisiň dowamynda Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň saýlawlaryň netijelerini jemlemek boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabaty diňlenildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, geçirilen saýlawlarda saýlaw okruglarynyň 3–sinde hem bir orna üç dalaşgär bellige alyndy, munuň özi bu saýlawlaryň bäsleşik esasynda

geçirilendigini görkezýär. Netijede, 9 dalaşgäriň arasynda, ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň köplügini alan dalaşgärleriň 3-si Mejlisiň deputatlygyna saýlandy.

Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, saýlananlaryň sanawlary ýakyn günlerde ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Saýlawlar bilen baglanyşykly çäreleriň ähli tapgyrlarynyň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 76-sy syn etdi.Saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň habarlary diňlenildi. Habarlardan mälim bolşy ýaly, milli synçylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we hiç hili düzgün bozulmasyz geçirilendigini nygtadylar.

Mejlisiň ahyrynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, Aşgabat şäherinde saýlaw okruglarynyň üçüsinde Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilen saýlawlary guramaçylykly geçirmäge gatnaşanlara, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň maglumat taýdan netijeli üpjün edilendigi we ony guramaga jogapkärli gatnaşandyklary üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Çeşme: Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar