Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TNGIZT-iň önümleri ýokary hil babatyndaky şahadatnama eýe boldy
03.07.2024

Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy öndürýän önümleriniň hili bilen bagly ISO-nyň täze şahadatnamasyna eýe boldy.
ISO 9001:2015 belgili şahadatnama toplumda öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesine laýyk gelýändigini görkezýär. Şeýle hem bu şahadatnama toplumda öndürilýän önümleriň müşderileriň ýokary islegini gazanýandygyna, toplumyň olary önüm bilen wagtly-wagtynda üpjün edýändigine şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda toplumda dürli görnüşli önümleriň 20-ä golaý görnüşi öndürilýär. Olar içerki we daşarky bazarlarda ösen islege eýedir.