Türkmenistanyň ilçihanasynyň işjeň gatnaşmagy bilen Lahoryň Söwda-senagat palatasynda (LSSP) Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan bilen söwdany ösdürmek üçin kioskyň açylyş dabarasy geçirildi.
Dabara LSSP-niň prezidenti Kaşif Anwar, LSSP-niň liderleri, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ilçileri, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň hormatly konsullary, Lahoryň işewür toparlarynyň wekilleri we ýerli habar beriş serişdeleri gatnaşdy.
LSSP-iň başlygy Kaşif Anwar bu çäräni ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bilelikdäki ýolundaky möhüm tapgyr diýip atlandyrdy.
Dabarada Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Pakistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm potensialyna ünsi çekdi.
Kioskda sebitdäki ýurtlar we Merkezi Aziýa respublikalarynda bar bolan iş mümkinçilikleri barada çap edilen materiallary görkezýär. Beýlekiler bilen bir hatarda, Bitarap Türkmenistanyň içerki we daşary syýasaty barada žurnallar, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet we hususy kompaniýalarynyň broşýuralary we olar barada maglumlatlar, şübhesiz, bu kiosky baýlaşdyrar.