Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan täze «Reşt-Kaspian» demir ýoly boýunça ýükleri üstaşyr geçirip başlar
02.07.2024

Türkmenistan täze «Reşt-Kaspian» demir ýoly arkaly ýükleri üstaşyr geçirip başlar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollarynyň baş direktory Milad Salehi aýtdy.

Eýýäm indiki hepde bu ugur boýunça Türkmenistandan kükürt üstaşyr daşalyp başlar. Ol Türkmenbaşy portundan Kaspian portuna, soňra bolsa Eýranyň üsti bilen demir ýol arkaly eltiler.

«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan «Reşt-Kaspian» demir ýoly, Hazar deňzini Pars aýlagy we Oman deňzi bilen, şeýle hem ýurduň demirgazygyny we günortasyny birleşdirýär.

Çeşme: Türkmenistan: Altyn Asyr