Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Nikaragua Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokarlandyrýar
02.07.2024

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, diplomat hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti Daniel Ortega Saawedranyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolan döwletde ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Nikaragua Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, ony innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmaga, döwrebap infrastrukturany döretmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ýaşaýyş derejesini yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi.

Ilçi milli parlamentiň düzümi we onuň köpugurly işi, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna Nikaragua Respublikasynyň goşulandygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tatýana Daniela Garsiýa Silwa öz tarapyndan däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi